Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdygy, halkyň saglygy hakyndaky alada we adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir diýip uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, amala aşyrylýan özgertmeleriň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýandygy bagtyýar raýatlaryň ählisine mälimdigi barada gürrüň etdiler. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Arkadagly Serdarymyz nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary hemişe bu ugra ruhlandyrýar. Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şonuň bilen birlikde ruhy hem-de beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Sport baradaky garaýyşlar Bitarap döwletimiz bilen BMG-niň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Sport we bedenterbiýe döredijilik hereketlerini, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Welosiped sürmek sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýändir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýandyr. Maslahatyň soňunda oňa gatnaşanlar sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP