Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar beýik ynamyň, uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleri

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar beýik ynamyň, uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleri” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda şan-şöhrata beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar diýip belläp, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän kämil döwlet syýasaty dünýä ýüzünde gyzgyn goldaw tapyp, giňden dabaralanýandygy barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Ata-babalarymyzdan gelýän milli döwletlilik ýörelgeleri esasynda halk häkimiýetini dolandyryş nusgasy öz ornuny kanuny tertipde barha berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän milli we halkara ähmiýetli düýpli taslamalar barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgesine eýerilip, her bir raýatyň hukugyny we azatlygyny kepillendirmekde, jemgyýetiň asudalygyny, agzybirligini berkarar etmekde Esasy Kanunymyzdan ugur alynýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň konstitusion gurluşyny kämilleşdirmek, döwleti we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işini has-da ösdürmek boýunça taýsyz tagallalar edilýär. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bize şeýle ajaýyp zamanamy peşgeş berenleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uly alkyşlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan-da rowaç almaklaryny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.

TSTP