2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – ýurt Garaşsyzlygynyň mukaddes nyşanlary” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň şuglasydyr, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr diýip belläp geçdiler. Şeýle hem, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Esasy Kanunymyza, milli döwletliligimiziň möhüm nyşany bolan Döwlet baýdagymyza halkymyz çäksiz buýsanýar we uly hormat goýýar diýip uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Maslahata gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň baýdagyny dünýäň öňünde belent parlamagyny eziz halkymyza gazanyp beren Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP