2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly - milli demokratiýanyň dabaralanýan döwri” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar kämilleşdirilen demokratik ýörelgelere esaslanyp hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, jemgyýetimizdäki dürli gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de häzirki zaman kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly wezipelerden ybarat bolan maksatlara ýetmegiň ugrunda alnyp barýan işleriň hukuk binýadyny berkidýär diýip uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Maslahatyň gatnaşanlar bize şeýle ajaýyp zamanamy peşgeş berenleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uly alkyşlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan-da rowaç almaklaryny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
TSTP