Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Watan Gahrymanlaryna baky şöhrat!

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňişiň güni mynasybetli “Watan Gahrymanlaryna baky şöhrat!” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar ata Watany, ene topragy goramagyň mukaddesligi özüniň gözbaşyny gadymy halkymyzyň şan-şöhrata beslenen köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýandygy, geçmişde-de türkmen halkynyň Watany goramakda gaýduwsyzlygyň, batyrgaýlygyň, mertligiň nusgasyny görkezen halk bolandygy buýsanç bilen belläp geçdiler. Ýagny bu hakykaty 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen ýigitleriniň gahrymançylygy ýene bir gezek aýdyň subut etdi. Merdana gerçeklerimiz ençeme halklaryň wekilleri bilen bir hatarda faşistik basybalyjylara garşy döş gerip, gahrymanlarça söweşip, agyr synaglaryň baryny geçip biz nesillere Beýik ýeňşi gazanyp, miras goýup gitdiler diýip uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Hemmä mälim bolşy ýaly köp pida talap eden bu agyr jeňe türkmenistanly gerçek ýigitler hem gatnaşdy. Duşmana garşy gandöküşlikli söweşlerde çet ülkelerde wepat bolan ildeşlerimiziň edermenligi unudylmaýar. Uruşdan maýyp bolup gelen mert ýigitlerimiziň şöhratly söweş menzillerem, uruşdan Ýeňiş bilen dogduk mekanlaryna sag-aman dolanyp gelen gerçeklerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaram halkymyzyň hakydasynda baky ýaşaýar. Beýik Ýeňşiň söz bilen beýan edip bolmajak şatlyk bilen garşylananyna 78 ýyl geçse-de, merdana gerçeklerimiziň gahrymançylygy unudylmaýar. Türkmen halky özüniň mert ýigitleriniň Watan goragynda görkezen gaýduwsyzlygyny hemişe buýsanç bilen ýatlaýar. Çäräniň ahrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize uruş weteranlaryny, urşuň yzynda galanlary sarpalanýandygy üçin öz sag bolsunlaryny aýtdylar.

TSTP