2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Geljege Miras” hususy kärhanasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygyryndan ugur alyp “Ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlary höweslendirilýär” atly düşündiriş çäresi geçirildi. Çäräniň barşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda ykdysadyýetimiziň hem uly ösüşlere eýe bolandygy, ol ösüşler hem onlarça özgertmeleriň netijesidigi, özgertmeleriň esasy bölegi hem ýaşlaryň ylymly, bilimli, zähmetsöýer, watansöýüji ruhda kemala getirmegi göz öňünde tutýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň işlemäge we telekeçilik bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada aýdyldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ajaýyp zamanany bize peşgeş bereni üçin Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýtdylar.
TSTP