Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň binasynda “Berkarar Watanymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilen beýik işler” atly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu jähetden, bu ynsanperwer düşünjäniň kanunçylyga ornaşdyrylmagy, onuň mazmunyndan gelip çykýan kadalaryň tejribede ulanylmagy boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini aýratyn bellemek bolar. Şu ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belledi: «Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirýäris». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, amala aşyrylýan ähli döwletli başlangyçlaryň özeninde halk we umumadamzat bähbitleri bar. Adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklarynyň durmuşa geçirilişi döwletiň we jemgyýetiň gymmatlyklar ulgamyny häsiýetlendirýär. Hukuklaryň durmuşa geçirilişini döwrebap derejede guramak Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň özenini düzýär, demokratiýanyň yzygiderli ösüşini şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, onuň mertebesine sarpa goýmagyň nusgasyny görmek bolýar. Umuman, adam hukuklary we azatlyklary döwletliligiň kämilligine, onuň demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna pugta ygrarly bolmagyň esasy çelgisidir. Adam hukuklaryny hormatla¬mak we go¬ra¬mak — döw¬let hä¬ki¬mi¬ýe¬ti¬niň demokratiýalylygyny kämilleşdirýän esasy binýatdyr. Döwletiň kepillendirýän adam hukuklary we azatlyklary bolsa ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki we ukyby döredip, öz nobatynda, tutuş adamzadyň parahatçylygyny we ösüşini üpjün edýär. Maslahatyň gatnaşanlar bedew bady bilen ösýän, özgerýän, barha gözelleşýän ýurdumyzy, ajaýyp zamany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden öz sag bolsunlaryny aýtdylar.
TSTP