Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ynsan saglygy baradaky giň möçberli aladalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça badalga berlen ägirt uly özgertmeler, maksat-tutumlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda halkymyzyň saglygyny goramakda, jemgyýetimiziň sagdynlygyny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti uludyr. Ol bu ugurdaky özgertmeleriň berk binýady bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny, saglygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni ýokary depginde ösdürmek hem-de jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Şeýle işleriň netijesinde agzybir halkymyz hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek bilen, bu ugurdaky döwlet syýasatyny üstünlikli dowam etdirýäris” diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy babatda alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP