Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Zeminiň gelşigi mährem zenanlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli şäherimiziň gözel künjeginde ýerleşýän “Lebap” toý mekanynda 8-nji mart baýramyna bagyşlap “Zeminiň gelşigi mährem zenanlar” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde welaýatymyzyň medeniýet müdirliginiň aýdym saz we tans toparlary parahat Watanymyzy we Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda partiýanyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti tarapyndan taýýarlanylan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar döredip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP