Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Berkarar döwletde dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzyň gerimi giňeldilýär

         Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletde dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzyň gerimi giňeldilýär” atly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşanlar maslahatyň dowamynda parahatlyk ýoly bilen röwşen geljege tarap barýan ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha ýokarlanmagy, hemişelik Bitaraplygymyzyň datly miwesidigi, şeýle hem, ýurdumyzyň parahatsöýüjilik syýasaty halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginde tagallalaryň birleşdirilmegine ýardam berýändigini bellediler. Parahatçylyk söýüjilik ynsanperwerlik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, Türkmenistan döwleti özüniň daşary syýasat ugruny işläp taýýarlan mahalynda, şundan ugur alýar, ata-babalarymyzyň başgalara hormat goýmagyň nusgawylyk dessurlaryny döredendiklerini we ony ýöredendiklerini  milli medeniýetimiziň baý taryhy tejribesinden görmek mümkin diýip uly buýsanç bilen nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak,  tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

TSTP