Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda ösüp gelýän nesillerde ahlaklyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, ululara hormat goýmak, halkymyzyň taryhyna, däp-dessuryna, medeniýetine söýgi we tebigaty aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen “Ata-babalarymyzyň asylly däpleri, halallyk ýoly hem-de edep-terbiýesi ýaş nesillere mirasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş maksadydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylym-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik we belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş – ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriň çözülmeginde, eziz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň we doly möçberli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda, şol sanda köpugurly we toplumlaýyn daşary syýasatynyň amala aşyrylmagynda hem ýaşlara uly ynam bildirilýär.
Goý, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, sowatly, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, ynsanperwer we hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP