Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” we halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna pugta eýerip, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna işjeň gatnaşýar we başlangyçlary öňe sürýär. 2023-nji ýylyň birinji aýynda-da şu babatda netijeli işler alnyp baryldy. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilen köpugurly çäreleriň hatarynda ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar, dürli derejedäki sergilerdir forumlar geçirilýär.
Şulardan ugur alyp Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlarynyň esasynda parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş we strategik hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz dünýä döwletleri bilen hemme taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýändigi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçileriň öndürýän ähli önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga uly ýol açyp berýär diýip uly buýsanç bilen bellediler. Bedew batly ösýän zamanamyzda telekeçilere uly goldaw hemaýat berýänligi üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
TSTP