Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

Ylymly-bilimli zehinli ýaşlar Watanymyzyň kuwwaty

         Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki ykdysadyýet maliýe orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Ylymly-bilimli zehinli ýaşlar Watanymyzyň kuwwaty” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

         Maslahatda Halkyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edýän atalyk aladalary, ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýiti zehinli, döredijilikli bolmaklary barada täsirli gürrüňler etdiler. 

         Maslahata gatnaşyjylar mundan beýläkde bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtady. Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza Okamak, döretmek, halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP