Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

  • WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY ― PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” atly kitabynyň tanyşdyrylyş, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     ...

  • “TÜRKMENISTAN-TARYHY ÖSÜŞLERIŇ BEÝIK BINÝADY” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

    Berkarar...

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

Berkarar döwletiň Täze eýýamynda döwletli işleri beýik döwrüň binýady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Berkarar döwletiň Täze eýýamynda döwletli işleri beýik döwrüň binýady” atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülen telekeçilik ulgamyny ýurt Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleriniň biri hökmünde saýlap alsak dogry bolar.  Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. Döwlet derejesinde berilýän  goldaw-hemaýatlaryň netijesinde, Balkan welaýatynda hem hususy ulgama degişli kärhanalaryň birnäçesi öz işini üstünlikli ýola goýmagy başardy. Ýurduň altyn gaznasyna deňelýän telekeçileriň alyp barýan  köpugurly işleri Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň iş üpjünçiligini gowulandyrmaga, ykdysadyýetimizde importuň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini hem-de görnüşlerini artdyrmaga, eksport mümkinçiliginiň gerimini has-da giňeltmäge ýardam berýär.

Döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan hem-de telekeçilerimiz barada, halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP