Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – halkymyzyň jebisliginiň aýdyň nusgasy

        2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – halkymyzyň jebisliginiň aýdyň nusgasy” atly maslahat geçirildi.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. 

         Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz bütin manyly ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlap, döwleti parasatly dolandyrmagyň ýokary nusgasyny görkezdi we ýurdumyzy ösüşlere besledi. Türkmenistanlylar abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşaýarlar, ata Watanymyz adamlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Ýetilen bu beýik sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklip munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň arzuw-islegini nazarda tutup, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar etmek baradaky teklibi türkmen zenanlarynyň, ýaşuly nesilleriň wekilleriniň tüýs ýürekden goldanlyklaryny bellenip geçildi. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Arkadagly Serdarymyz we Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalary üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.

TSTP