Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Halk Maslahaty – demokratik üstünliklere binýat

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň  gurnamagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň   Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky Medeni sport toplumynyň   mejlisler jaýynda   “Halk Maslahaty – demokratik üstünliklere binýat”  atly maslahat geçirildi.

Ýaňy ýakynda has takygy 21-nji ýanwarynda Milli Lidermiziň baştutanlygynda  paýtagtymyzdaky Maslahat  köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirdi. Döwletli maslahatda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy diýen belent wezipä diňe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mynasyp görýändiklerini biragyzdan makulladylar. watandaşlarymyzyň göwün islegleri we haýyşlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda, döwrümiziň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi. Hormatly Arkadagymyz kanun esasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi türkmen halkynyň buýsanjyny artdyrdy.

Oňa gatnaşyjylar Arkadag Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň il-ýurt beýik işleriniň dowamat-dowam bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP