2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň uly mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – demokratik özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga” atly maslahat geçirildi.
Şeýle ajaýyp maslahatyň dowamynda, Arkadagly Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýyllar ýyllardan, aýlar aýlardan zyýada, her günümiz bolsa il-günüň ýadynda galýan ajaýyp pursatlara beslenýänligini we Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda başy başlanan her bir döwletli iş halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmakda täze ädim bolup taryha ýazylýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny we şonuň esasynda kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly öňe süren başlangyçlary ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren, adalatlylyga, deňlige, halallyga, ynsanperwerlige ýugrulan, bahasyna ýetip bolmajak tejribesini özünde jemleýänligini buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletli döwrany berkarar edip, agzybirlikden kemal tapan halkymyzy hossarlyk aladalary bilen gurşap alan Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, başyny tutan döwletli işleriniň oňuna bolmagyny tüýs ýürekden bir jem bolup arzuw etdiler!
TSTP