2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda “Kanunçylyk özgertmeleri – halkyň bähbidine” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy diýip bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýandygy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Oňa gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!
TSTP