Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri: Ata-Watanymyzyň abraýyny has-da belen-de göterýär

            Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri: Ata-Watanymyzyň abraýyny has-da belen-de göterýär” atly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşanlar eden çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda we möhüm başlangyçlary esasynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler Türkmenistanyň döwlet, syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, raýat jemgyýetini işjeň ösdürmäge ýardam berýändigi, şeýle hem Konstitusion özgertmeleriň her bir tapgyry ýurtda syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini has artdyrýan möhüm waka öwrülýändigi we uly ähmiýetli taryhy ädim hökmünde durmuş-ykdysady ösüşlere-de itergi berýändigi dogrusynda buýsanç bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň möçberli özgertmeleri, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny alyp barýan tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP