Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

  • “TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

    2025-n...

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2025-n...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

    2025-nji...

  • «ŞATLYK GETIR TÄZE ÝYL, BU BAGTYÝAR ILIME»

    2025-nji...

Garaşsyz türkmen döwleti ösüşiň täze tapgyrynda

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki geçiren maslahaty esasynda “Garaşsyz türkmen döwleti ösüşiň täze tapgyrynda”  atly  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Täze başlan ýylyň ilkinji günlerinden bizi guwandyryjy wakalaryň şaýady bolduk. Garaşsyz we hemişelik baky Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň taryhy döwründe türkmen halkynyň milli ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, şeýle hem ilatymyzyň  hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli möhüm çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklip boýunça çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadag Serdarymyzyň umumy adamzat üçin alyp barýan işleriniň has-da rowaçlanmagyny, beýik-beýik işleriniň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP