Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Eziz Watanymyzyň wepaly nesli

2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 6-syna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Eziz Watanymyzyň wepaly nesili” atly maslahaty geçirildi.

Masalahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyly belli bir şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldigini belläp, bu çözgüt diňe şol ýyly şöhratlandyrjak işler bilen däl, eýsem, ondan soňky ýyllaryň wezipelerini hem kesgitlemäge oňyn mümkinçilik berýändigi hem-de ýyllaryň şygarlarynyň we olaryň nyşanlarynyň raýatlardan gelip gowuşýan teklipler boýunça kesgitlenilýändigini, şonuň esasynda hem   Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň şygarynda hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

TSTP