Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Taryhy ösüşleriň özgertmeleriň zamanasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Taryhy ösüşleriň özgertmeleriň zamanasy” atly maslahat geçirildi.

Her ýaşalan ýyly üstünlikler bilen jemlemek, her täze ýyly ýagşy arzuw-umytlar, uly ynam bilen garşylamak biziň ýurdumyzda adata öwrüldi. Şu gözel durmuşyň goýnunda täze-täze wakalar, şatlykly habarlar göwün joşdurýar, berkarar döwletlilige buýsanjy artdyrýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy hem şeýle ajaýyp wakalardan, hoş habarlardan boldy. 

Türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde bina edilýän bu şäheriň gurluşyklarynyň taryhy zamanamyzyň derejesine laýyk amala aşyrylmagy üçin, Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli alada edip gelýär. Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi “akylly” şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäherdir. Bu ýerde “ýaşyl” tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen “akylly” şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetlidir, ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegidir. Arkadag şäheri — döwletliligimiziň altyn şuglasydyr. Özgerişiň, bagtyň, buýsanjyň mukamydyr. Şu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, Ahal welaýatynyň ilatyny we bütin halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

TSTP