Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak syýasaty döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine, berkemegine, halkara işjeňliginiň artmagyna getirýär. Konstitusiýamyzda ykrar edilen kadalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda “Syýasy partiýalar hakynda” kanun kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda, raýatlarymyzyň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetde bolup geçýän syýasy we ykdysady özgerişiklere çekmek barada döwlet syýasatynyň gyşarnyksyz, yzygiderli alnyp barylýandygynyň şaýadydyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň IV hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi.
Hasabat-saýlaw maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda mundan beýläk-de telekeçiligi ösdürmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, olaryň arasynda geçirilýän guramaçylyk we syýasy işleri güýçlendirmek boýunça şeýle-de Aşgabat şäher partiýa komiteti tarapynda 2017-2022-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetirilen işleri barada şäher komitetiniň başlygynyň hem-de derňew toparynyň hasabat çykyşlary diňlendi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti wagyz-nesihat işlerini mundan beýläkde güýçli depginde dowam etdirjekdikleri barada nygtap geçdiler.
TSTP