Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

  • “TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

    2025-n...

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2025-n...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

    2025-nji...

  • «ŞATLYK GETIR TÄZE ÝYL, BU BAGTYÝAR ILIME»

    2025-nji...

Bitaraplyk berkararlygyň daýanjy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler  birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk berkararlygyň daýanjy” atly dabaraly çäresi geçirildi.

Galkynyşlar döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Bitaraplyk ýörelgelerimiz mazmun taýdan baýlaşyp, täze derejelere göterildi. Bu bolsa biziň her birimiz üçin aýratyn ähmiýetli hem örän buýsançly ýagdaýdyr. Bitaraplyk biziň bagtymyzyň binýadydyr, ynsanperwer ýörelgelerimiziň gözbaşydyr, ähli üstünliklerimiziň, rowaçlyklarymyzyň ruhlandyryjysydyr.

Bitaraplyk ýörelgelerini äleme ýaýyp, umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän asylly başlangyçlara badalga berýän we türkmen halkynyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy, ata-Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän Arkadagly Serdarymyza il alkyşy egsilmezdir. 

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan  il-ýurt bähbitli,  dünýä ähmiýetli  beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP