Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygy üpjün etmek ugrundaky döwlet syýasaty rowaçlanýar” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler häzirki döwürde hususyýetçileriň öndürýän gök-bakja, miwe önümleri bazar bolçulygyny emele getirýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýyladyşhanalaryň, ýerleri bölüp bermek saklaýjy ammarlary gurmak, et süýt, dowardarçylyk üçin öri meýdanlary we guşçulygy ösdürmekde uly işleri amala aşyrýarlar diýip çykyş edenler bellediler. Bol hasylly, bereketli türkmen topragynda halkymyzyň bol elin erkana durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatlyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekde sagbolsun aýtdylar.
TSTP