2022-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň: “Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nurydyr” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp “Türkmen halkynyň beýik akyldary hem milli şahyry Magtymguly Pyragy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çykyşlarda Magtymguly atamyzyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.
Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öne süren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak ideýasy şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki in uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-ideýalarynyň hakdygyny taryh subut etdi.
Örän çylşyrymly döwürde ýaşan Magtymguly öz döwrüniň her bir nogsanlyklaryna, ýaramaz hadysalaryna ýakyndan seslenipdir, köňül eleginden geçirip, olary berk ýazgarypdyr, olaryň öňüni almagy öz döwrüniň esasy wezipesi hasap edipdir hem-de türkmenleri agzybirlige, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr.
Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.
Häzirki wagtda tutuş adamzat beýik filosofyň we ynsanperwer şahyryň şygryýetinden joşgun we ruhy kuwwat alyp, parasatly türkmen danasynyň döredijiligine uly hormat goýýar belläp geçdiler.
Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP