2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň uly mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ХIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly türkmen halky toýdyr baýramçylyklara, şanly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzda däbe öwrülen asylly ýörelgedir. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda uly dabara bilen bellenilip geçilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde elimize gowşan bu ylmy-ensiklopedik kitabyň ХIV jildi hem bütin halkymyz we bu ulgamda zähmet çekýän işgärler üçin baýramçylyk sowgady boldy.
Kitabyň täze jildinde sahawatly topragymyzda ösýän, öň öwrenilmedik hem-de halk lukmançylygynda örän uly ähmiýete eýe bolýan 118 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Şeýle hem ylmy we halk lukmançylygy bilimlerine hem-de köpýyllyk gözleglere, tejribelere daýanýan kitabyň ýokary çap ediliş usulynda neşir edilen şu gezekki jildinde hem dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetli aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy we ulanylyşy, tebigy gorlary, çig maly bilen bagly maglumatlar uly orun eýeleýär. Täze kitap lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyp ýaşlara kämil bilim bermekde, olary ylma ugrukdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Ol lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem-de kämilleşmegine goşan nobatdaky ägirt uly goşandydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň yzy güri bolsun, galamynyň ujy ýiti bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP