Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty – il-ýurt bähbitli belent maksatlar

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty – il-ýurt bähbitli belent maksatlar” atly maslahat geçirildi. Ata Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka bolan Döwlet Maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde öňde durýan belent wezipeler barada aýdanlary bizi diýseň buýsandyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň hususy pudagy barada aýratyn belläp geçmegi bolsa bizi — telekeçileri döwrüň talaplaryna laýyk derejede işlemäge ruhlandyrdy. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugry bolan hususy pudagy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Täze önümleri öndürmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gurmak, döretmek ýörelgesine eýerip, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.

TSTP