2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty agzybirligiň we jebisligiň aýdyň beýany” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň Döwlet maslahatynda eden taryhy çykyşy dogrusynda we Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitländigini hem-de içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutylýan ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm kararlar kabul edildi. Şeýle hem Döwlet maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň Döwlete dahylsyz bolan hususyýetçileri kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläkde ösdürmeklik dogrysynda aýdan taryhy sözleri, şu günki geçirilen maslahatda öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty agzybirligiň we jebisligiň aýdyň beýany”atly maslahata çykyş edenler we maslahata gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halk-döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP