2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýaş işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň depginli ösüşiniň möhüm şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy pudagyň rowaçlanmagyna badalga berendigi, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi. Geçen gysga döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. “Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2018-nji ýylda “Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edilip, häzirki wagtda ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgesinde guraýan Türkmenistanda halk hojalyk toplumynyň bu bölegini netijeli, sazlaşykly ösdürmek üçin amatly ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ol salgyt ulgamyny kämilleşdirmekde, eksport-import amallaryny geçirmegi ýönekeýleşdirmekde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ykdysa dyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamlaryny ösdürmek ýoly bilen milli ykdysadyýetiň berk esasyny döretmegi, kiçi we orta telekeçiligiň önümçilik, innowasion we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagy, döwlete degişli bolmadyk bölegiň jemi içerki önümdäki paýyny, telekeçiligiň daşarky söwda dolanyşygyndaky paýyny artdyrmagy, bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalarynyň giň gerimli ösüşini üpjün etmegi kiçi we orta telekeçiligi, hususy bölegiň ösüşini goldamak boýunça syýasatynyň esasy maksatlary hökmünde kesgitledi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP