2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň tagallasy – hususy pudakda ösýän ýaşlar syýasaty” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýaş işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda edilen 1-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabadyň “Mekan” köşgünde geçirilen, ýaşlaryň we döwletimiziň durmuşynda taryhy waka bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna Hormatly Prezidentimizi gatnaşmagy şeýle-de 3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyranda şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşmagy uly ähmiýete eýedir. VII Ýaşlar gurultaýynyň dowamynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň iş ýüzünde nobatdaky subutnamasy boldy. Jemgyýetiň iň işjeň bölegini düzýän ýaşlaryň pikir-garaýyşlary çuňňur öwrenilip taýýarlanylan 10 bapdan, 57 maddadan ybarat bu kanunçylyk namasy ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, bilim-ylym, döredijilik, telekeçilik, maşgala babatda ýaşlarymyzy goldamagy, goramagy göz öňünde tutýar. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan bu işler, döredilýän mümkinçilikler her bir ýaş oglandyr gyzyň jemgyýetde öz ýoluny tapmagyna, beýik maksatlara tarap ädim ätmegine itergi berýär. Şeýle şertlerde ýaşlara diňe bir zat galýar. Ol barada döwlet Baştutanymyz: “Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir” diýdi. Bu örän üns çekilmeli meseledir. Çünki islendik döwürde-de, islendik jemgyýetde-de zähmet ynsany bezeýän sypat bolupdy hem şeýle bolmagynda galýar. Zähmetiň ynsany terbiýeleýändigi, täze ajaýyp pikirleri döredýändigi barada çagalykdan aňymyza ornaşan onlarça nakyldyr atalar sözleri, rowaýatdyr tymsallar aýdanlarymyza güwädir diýlip, çykyşlarda bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP