2022-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary: ulag ulgamynda ählumumy täze mümkinçilikler” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar 15-16-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat geçirildi. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy. Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bu ugurda özara gatnaşyklar meselelerinde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde işjeň orny eýeläp, sebit we transkontinental möçberde köp şahaly utgaşykly döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirýär. Bularyň hemmesi ähli ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň maksatlaryna hyzmat edýär. Şu gezekki forumyň üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr belläp geçdiler.
Çykyş edenler maslahatyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP