2022-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar Merkeziniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda sagdyn-durmuş kadalaryny wagyz etmek maksady bilen “Adam saglygy – döwlet syýasatynyň esasy ugry” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn-durmuş ýörelgeleri hakynda ündäp. Dünýä medeniýetiniň möhüm gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan bedenterbiýe we sport, sport bäsleşikleri dünýä jemgyýetçiligini jebisleşdirýän hem-de ösüşe, dostana gatnaşyklara ruhlandyrýan güýçdigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy ugrunda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýändigi hem-de durnukly ösüş bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketine hem-de ýokary netijeli sporta berilýän ünsüň we döwlet goldawynyň netijesinde sport ulgamyna degişli milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
TSTP