Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Ýaş telekeçiler biziň buýsanjymyzdyr

2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini we telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak syýasatyny wagyz etmek boýunça “Ýaş telekeçiler biziň buýsanjymyzdyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çykyşlarda hususy telekeçiligi ösdürmekde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Aslynda ýurdumyzyň telekeçilerini, işewürlerini döwlet tarapyndan goldamak, olara hemme taraplaýyn hemaýat etmek Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmakda ägirt uly işler alnyp barylýar diýip belläp geçdiler.

Oňa gatnaşyjylar telekeçilere uly goldaw berýän Hormatly Prezidentimiziň  janyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň mundan hem beýläk  hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP