Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

Arkadagly zamanada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň täze sepgitleri

2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmen-özbek sebit forumynda, özara gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň anyk netijeleriniň  täsirleri barada “Arkadagly zamanada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň täze sepgitleri” atly maslahat geçirildi. 

Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda alyp barýan uly işleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýtdylar hem-de janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP