Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Täze eýýamda: parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna

2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky  Ýaşlar  guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň  bilelikde guramagynda “Täze eýýamda: parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi. 

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe “Halkyň    Arkadagly zamanasy” ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklere beslenýär. Hazar deňzi — dostlugyň, parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzi. Hazarýaka döwletleriň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda giň gerime eýe bolýar. Muňa düýn paýtagtymyzda geçirilen VI Hazar sammiti hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçdi. Ýokary derejedäki bu duşuşyk Hazar sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze eýýamy alamatlandyrýan hakyky öňegidişlige beslendi hem-de bäştaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze kuwwatly itergi berdi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň taryhy ähmiýetli I sammitinden 20 ýyl soň geçirilen Hazar «bäşliginiň» ikinji Aşgabat duşuşygy kenarýaka ýurtlaryň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy belläp geçdiler. Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP