2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda Berkarar döwletimizde halkymyzyň eşretli we asuda, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baş maksady mähriban Watanmyzda her bir raýatyň halal zähmet çekmeginiň esasynda bagtly, eşretli sagdyn durmuşda ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr. Şeýle ajaýyp durmuşyň gadryny bilip, ýaşamak üçin diňe biri-birine hormat goýup, hereket edýän kanunlarymyzyň kadalaryny doly we dogry ýerine ýetirmeklik galýar diýip belläp geçdiler hem-de telekeçilere döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP