2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda “Täze eýýamda ýaşlary telekeçilik işine çekmekde hususy pudagyň uly orny” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda ýurdumyzda hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimizdäki ornynyň barha artýandygyny, telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigi, bu pudagyň pajarlap ösmegine, dünýä bazarynda tanalmagyna giň mümkinçilikleri açylýandygy. Şeýle-de ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Jeýhuny ýakalap oturan Lebap welaýatymyza iş saparyna gelmegi welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny begendirdi. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäklerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bardy. Ol ýerde döwrebap bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, okuw terbiýeçilik işini ösdürmegiň hem-de okatmagyň ýollary, okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşylmagy ýene-de bir ýatda galyjy, taryhy wakalaryň biri boldy diýip öz çykyşlarynda aýtdylar hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürip, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny artdyrmaga döredilýän giň mümkinçilikler, goldaw-hemaýatlar üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP