Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Adam saglygy – döwlet syýasatynyň esasy ugry

2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda hususy ulgamda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ýaramaz endiklerden daşda durmagy ündemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini barada “Adam saglygy – döwlet syýasatynyň esasy ugry” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar häzirki taryhy döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir, mümkinçilikleriň döredilýändigini, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyna zelel ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmaklary barada giňişleýin durlup geçildi. Çykyş edenler maslahatyň ahyrynda ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP