Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer durmuş syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň hemmetaraplarýyn ösüşlere beslenýändigini nygatap, ýaň ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň Daşoguz welaýatanyna eden toý sapary barada gürrüň etdiler. Saparyň dowamynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň hem-de Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi barada bellediler. Bu beýik işler ähli türkmen halkyny buýsandyrýandygy, Daşoguz welaýatynda döwrebap enjamlaşdyrylan hassahanalaryň ulanylmaga berilmegi halkyň saglygyny berkitmek, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak babatdaky aladanyň aýdyň mysaly bolyp, munuň özi halkyň saglygyny goramak, köptaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenendir diýip belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň saglygy barada uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP