Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Sagdyn durmuş – sagdyn jemgyýet

2022-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, etrabyň tikinçilik fabriginiň mejlisler jaýynda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagynyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyndan gelip çykýan wezipelerinden ugur alyp hem-de 31-nji maý-Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni mynasybetli “Sagdyn durmuş – sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman dünýäsiniň howplaryna, şol sanda temmäkiniň ulanylmagyna garşy alyp barýan giň möçberli tutumly işleri, bu möhüm ugurdaky taýsyz tagallalary Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýändigi barada gürrüň etdiler. Çykyş edenler çäräniň ahyrynda ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP