Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe – ösüşleriň ak ýolundan öňe barýan Watanym” atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşanlar öz eden çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importuň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak işinde telekeçilige aýratyn orun berilýändigi barada belläp, Döwlet Baştutanymyzyň telekeçiligiň, hususyýetçiligiň bähbitlerini nazarlaýan syýasatynyň baş maksady Türkmenistany doly bazar gatnaşyklaryndaky ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem yzygider ýokarlandyrmak bolup durýandygyny nygtadylar. Maslahatyň soňunda oňa gatnaşanlar hususy telekeçilere döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin, hormatly Prezidentimize öz sag bolsunlaryny aýdyp, halk bähbitli, döwlet, halkara ähmiýetli amala aşyrýan ajaýyp işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP