Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklygyny üpjün etmek, olaryň sporta bolan höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar häzirki döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir, mümkinçilikler döredilýändigini,  giň möçberli tutumly işleri amala aşyrýandygy barada gürrüň etdiler.

Çykyş edenler çäräniň ahyrynda ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän  Hormatly Prezidentimiziň  janynyň  sag, ömriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny  tüýs ýürekden  arzuw  etdiler.

TSTP