Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň binýady

    Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň binýady ” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylmagy we bu babatda ýörite Milli maksatnama kabul edilendigi barada belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet gurluşyny has-da berkitmek hem-de sebitde we tutuş dünýäde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP