Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gumamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasynda hususy pudak ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly maslahat geçirildi
Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň ýokarydygyny belläp, daşary ýurtlardan getirilýän senagat önümleriniň ýerini tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň döredilmegi ugrundaky giň gerimli aladalaryň anyk nyşanyna öwrülendigini aýtdylar
Maslahatyň soňunda oňa gatnaşanlar hususy telekeçilere döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin, hormatly Prezidentimize öz sag bolsunlaryny aýdyp, halk bähbitli, döwlet, halkara ähmiýetli amala aşyrýan ajaýyp işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP