2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündürmek, wagyz etmek maksady bilen, “Rowaçlygyň ýoly bilen – täze üstünliklere badalga” atly maslahat geçirildi.
Geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler. Munuň özi, birinjiden, 2022-nji — “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen ýylyň giň gerimli başlangyçlar bilen başlanýandygyny aňlatsa, ikinjiden, uly, anyk işleri we taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ruhlandyrýar. Mejlisde ýurdumyzyň mundan beýläk-de has okgunly ösdürilmeginiň üpjün edilmegine, oňyn durmuş-ykdysady, syýasy-medeni we demokratik özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen 30 ýyllyk maksatnamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi, beýik başlangyçlary halkymyzy maksada okgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar diýip, belläp geçdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP