Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Arkadagyň taglymaty – bagtyýarlyk, rowaçlyk, beýik geljek

2022-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagyň taglymaty – bagtyýarlyk, rowaçlyk, beýik geljek” atly  maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda Asu­da Wa­ta­ny­my­zyň her bir ýy­ly döwre­bap ada bes­le­nip gel­ýär. Türk­menista­nyň ­Mil­li Ge­ňe­şi­niň Ka­ra­ry bi­len, tä­ze, 2022-nji ýy­lyň “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” diýlip yg­lan edil­me­gi il­deş­le­ri­mi­ziň öz Mil­li ­Li­de­ri­ne bo­lan be­ýik yna­my­nyň ny­şa­ny­dyr.   Her bir iş­de öz hal­ky­na da­ýan­ýan, hal­ky­nyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Türk­me­nis­ta­nyň ulu­dan-ki­çä äh­li ila­ty­nyň Ar­ka­dag Pre­zi­dent di­ýip ýüz­len­me­gin­de hem üýt­ge­şik ma­ny bar. Şo­nuň üçin bu ýylyň adyn­da hem hal­ky­my­zyň öz mil­li Li­de­ri­ne bo­lan be­ýik yna­my, hor­ma­ty, buý­san­jy şöh­le­len­ýär. Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Di­ýa­ry­myz­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, öz­ge­riş­ler, bi­ti­ril­ýän be­ýik iş­ler üçin bag­ty­ýar hal­ky­myz Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den çäk­siz al­kyş aýd­ýar.       

            Maslahatyň dowamynda Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýylda halkymyza sowgat beren, Wa­ta­ny­my­zyň ýe­ten de­re­je­si­ni, ro­waçlyk­la­ra bes­len­ýän men­zil­le­ri­ni wasp edip, ýazan “Jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” atly tä­ze goş­gysy okaldy. Goşgynyň many-mazmuna eýlenen setirleriniň waspy belentden ýetirildi. 

TSTP