Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Halkyň Arkadagly zamanasy

         Şu gün “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň  mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň we “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň  bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly maslahat geçirildi

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda oňyn netijeleri gazanýan bagtyýar ýurda öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy maksady türkmen halky hem-de dünýäniň halklary üçin parahatçylykly ösüşi, asuda durmuşy üpjün etmekdir. Milli Liderimiziň bu maksady hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tutýan ýoly hökmünde halkara bileleşiginde giňden ykrar edilýär diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

TSTP