Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 26 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlap “Hemişelik Bitaraplyk-türkmen döwletiniň asuda ösüşiniň sarsmaz binýady” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi, munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär diýip çykyşlar belläp geçdiler. Çykyşlaryň barşynda Watanymyzyň Bitaraplyk derejesi ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýändigi barada gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda parahatçylygyň hem-de ösüşiň täze ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan dünýä adamzat bähbitli işlerinde uly rowaçlyklaryň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP