Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Innowasiýa- amatly maglumat gurşawy

2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň, ylmy gazananlaryň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşýandygy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryň hem düýpli özgerýändigi sebäpli, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary iş usullaryny düýpli özgertmek hem-de döwrebaplaşdyrmak  maksady bilen “Innowasiýa-amatly maglumat gurşawy” atly maslahat geçirildi.  

Geçirilen bu maslahada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, “Türkmen-Owgan transport” hojalyk jemgyýetiniň  işgärleri gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda  ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda häzirki  döwürde innowasion tehnologiýalaryň, ylmy gazananlaryň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşdy. Bu bolsa ähli ugurlarda işleriň ýeňilleşmegine, çaltlaşmagyna amatly şertler döretdi. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryň hem düýpli özgerýändigi sebäpli, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary iş usullaryny düýpli özgertmek hem-de döwrebaplaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Täze tehnologiýalary, maglumatlary  ýaýratmagyň ulgamlaryny giňden peýdalanmak häzirki döwrüň talabydyr. Biz telekeçiler ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamlary ornaşdyryp,  sanly ulgamdan peýdalanyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris diýip belläp geçdiler hem-de  halkymyzyň asuda, parahat, bolelin ýaşamagy ugrunda uly alada edýän  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP